
Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitindäki ýaşlar dialogyny BMG-niň halkara meýdançasyna çykaryp, dünýä derejesine ýetirýär
Dünýä diplomatiýasynyň merkezinde bolan, Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda – 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen möhüm çäre geçiriler. Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy, EKOSOS-nyň Ýaşlar forumynyň çäginde ýokary derejeli sessiýa görnüşinde geçiriler. Bu barada DIalogyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.
Dialogyň ikinji duşuşygynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilen döwürde geçirilmegi, Türkmenistanyň başlangyçlarynyň halkara ähmiýetini subut edýär.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk boýunça taryhy 2250-nji Kararnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan bu çäre, Merkezi Aziýa ýaşlarynyň halkara arenadaky ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.